Kitap okan gullar magnydan dokdur

2 Iýul 2024
243

Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kitap okamagyň biraýlygy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär» diýen sözlerinden ugur alnyp, uniwersitetde degişli kitaplar boýunça «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir» ady bilen ylmy nutuklaryň döredijilik, «Kitap ömrüňe many çaýýan iň bereketli desterhan» atly şygryýet, «Meniň söýgüli eserim» ady bilen çeper eserleriň many-mazmunyny beýan etmek boýunça bäsleşikler yglan edildi. Diller kafedrasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda heýkelleri oturdylan daşary ýurtly söz ussatlarynyň eserlerine bagyşlanan «Kitap — iň gowy dost» atly bäsleşik hem geçirildi.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.