Ol jandarlaryň janköýeridi (oçerk)

2 Iýul 2024
318

Sahaplary könelip giden goňrumtyl kitap professor W.G.Geptneriň sözbaşy ýazmagynda TYA-nyň neşirýatynda 1962-nji ýylda çap bolupdyr. Geldi Şükürowyň rus dilinde ýazan bu kitaby «ФАУНА позвоночных животных гор большие Балханы» diýlip atlandyrylypdyr.

Geldi Şükürow 1912-nji ýylda Aşgabadyň etegindäki gadymy Bagyr obasynda daýhan maşgalasynda doglupdyr. Aýak bitenden öýleriniň gapdalyndaky Nusaýyň gadymy galasyny oýnaghanasyna öwren, üstüňe abanyp duran Köpetdagyň jülge-zawlarynda goýun-geçi bakan, düzlerinde kömelek çöplän, ýuwa-ýelmik ýygan oglanjygyň kiçijikliginden tebigat bilen höwrükjekdigi düşnükli zat. Durmuşdaky ýeter-ýetmezlik bilmäge, öwrenmäge telwasly, kitap görse gözi açylyberýän oglanjyga talabalaýyk okamaga mümkinçilik bermändir. Onsoň ata-ene perzendiniň gözleriniň alnyndan aýrylmagyny näler islemeseler-de, göwnüni ýykman, ony 13 ýaşynda Aşgabatdaky mekdep-internada ýerleşdirýärler. Üç ýyl okandan soň, Daşkentdäki Türkmen pedagogik tehnikumyna ugradylýar. Eline diplom alandan hem 1931-nji ýylda Kerki Peduçilişesine mugallym edilip ugradylýar. Üç ýyl geçensoň, işeňňir mugallym, guramaçy hökmünde tanalan Geldini Aşgabadyň Gidrotehnikumyna işe kabul edýärler. Şol döwürde onuň pedagogik başarjaňlygynyň artykmaçdygy, mugallym hökmünde sapak geçmekde usullary başarnykly peýdalanyp bilýändigi aýyl-saýyl bolýar. Özi weli «Wah, bilimiň kemterligi käte ýüňsakgal edäýýär. Ylymda bilmeli zatlaryň çuňlugy düýpsüz ahbetin!» diýipdir. Şol arzuw Geldi Şükürowy 1934-nji ýylda Aşgabadyň Pedagogik institutynyň tebigy bilimler fakultetine okuwa getirýär. Şol döwürde instituta zoologiýadan ählitaraplaýyn taýýarlykly alym, professor M.K.Laptew ýolbaşçylyk edipdir. Arman, ol 1948-nji ýylyň pajygaly Aşgabat ýer titremesinde wepat bolupdyr.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.