«Arkadag» ýyldyzy — asman röwşeni

2 Iýul 2024
564

Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan älem giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň dakylmagy hem-de ony tassyklaýan degişli güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň bu ýokary okuw mekdebine gowşurylmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr professor-mugallymlary, şeýle-de uniwersitetiň talyplary gatnaşdylar.

Hoşallyk maslahaty bilen ugurdaşlykda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda kitaplaryň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, talyplaryň halkara, döwlet derejesinde geçirilen ylym-bilim, taslama-döredijilik bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleriniň sergisi hem guraldy. Bu ýerde uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar we dutarçylar toparlary tarapyndan eziz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, milli gymmatlyklarymyzy wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.