«Dürdänede» bagtyýarlyk joş urýar

2 Iýul 2024
257

Köpetdagyň Gyzylarbat şäheriniň golaýyndaky jülgeleriniň birinde ýerleşýän «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ajaýyplyklarynyň hataryny uzaldýar. Dynç alyş möwsüminiň her tapgyrynda balkanly mekdep okuwçylarynyň 300-sini kabul edýän bu merkezde şu günler çagalaryň gülki sesleri has belent ýaňlanýar.

Birnäçe ýyl mundan öň ýokary hil ülňülerine laýyk gurlan «Dürdänede» mekdep okuwçylarynyň mynasyp dynç almaklary, kompýuterlere we dürli tilsimatlara başarjaň erk etmekleri, kitap okamaklary, sportuň köp sanly görnüşleri bilen işjeň meşgullanmaklary, açyk we ýapyk howuzlarda suwa düşüp, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler bar. Dag jülgesine bezeg berip oturan merkezde her gün meýilnama esasynda geçirilýän çäreler çagalaryň ösen aň-bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly, kämil ýaşlar bolup ýetişmegine gönükdirilendir. «Dürdänede» çagalaryň wagtlaryny sapaly geçirmeklerini üpjün etmek bilen meşgullanýan terbiýeçilerdir gurnak ýolbaşçylary öz işlerini döwrebap ýola goýmagy başarýarlar. Bu ýerde geçirilýän «Dostluk agşamlary», «Kim bolasyň gelýär?» atly söhbetdeşlikler, «Şirin owazlar» atly aýdym-sazly dabaralar, «Watanymyzyň waspy» surat bäsleşigi, «Sport — sagdynlyga we gözellige tarap ýol» şygary astyndaky sport tanslary, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryndan çeper okaýyşlar, hereketli milli oýunlar (ýaglyga towusmak, göreş tutmak, gözdaňdy, guşak goýdy, möjek we çopan...), «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanýan çäreler ýaşlaryň göwnüni galkyndyryp, olara ruhy lezzet, şatlyk-şowhun, bagtyýarlyk eçilýär. Bu döwrebap çäreleriň her biriniň täsirli we ýatda galyjy bolmagy üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat, Gyzylarbat etrap geňeşleri, bilim bölümleri, jemgyýetçilik guramalary tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Andreý PAKULOW.