Muzeýe gezelenç guradyk

28 Iýun 2024
327

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan şanly ýylymyz mynasybetli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we döredijilik işgärleri bilen bilelikde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç guradyk. Magtymguly Pyragynyň gymmatly eserleriniň many-mazmunyny içgin öwrenmek, olaryň gymmatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu çäre beýik söz ussadynyň döredijiligine bolan hormatymyzy has hem artdyrdy. Aýratyn hem dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp muzeýde guralan «Setiri — zer ýalkym, pähimi — umman» atly sergide ýerleşdirilen eserler kalplarda ýakymly duýgulary oýardy. Gezelenjiň dowamynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar bagtyýar döwrümizi, türkmen edebiýatynyň galkynýan zamanasy wasp edip ýazan şygyrlary bilen çykyş etdiler.

Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Çärjew etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.