Daniýanyň Koroly Frederik X Baltika deňziniň düýbünden geçjek 18 kilometrlik tunneliň ilkinji böleginiň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdy. Bu suwasty ýol 2029-njy ýylda dolulygyna ulanmaga berler. Şeýlelikde, içinden dünýäniň iň uzyn suwasty demir ýoludyr awtoulag ýoly geçýän tunnel Daniýa bilen Germaniýany birleşdirer. Mundan başga-da, Femarnbelt tunneli Skandinawiýa ýurtlary bilen Merkezi Ýewropanyň arasyndaky ýoly ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda bu ýol gämi bilen 45 minut wagt alýan bolsa, tunnel işe girizilenden soň otly bilen bary-ýogy 7 minut wagt alar. Ol Daniýanyň Rýodbýu şäherini Germaniýanyň Puttgarden şäheri bilen birleşdirer, soňra awtoulag ýoly we demir ýol arkaly Merkezi Ýewropa gidip bolar.
Korol Frederik X Daniýa tarapyndaky deňziň düýbüne goýuljak tunneliň ilkinji 217 metrlik böleginiň girelgesindäki tabliçkany açdy. Bu ugry gurýan «Sund & Baelt» kompaniýasynyň wekilleri munuň şu wagta çenli gurlan iň uzyn suwasty tunnel boljakdygyny aýdýarlar. Awtoulaglaryň Baltika deňziniň içinden 10 minutda, otlularyň bolsa, 7 minutda geçmegine garaşylýar.