Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän şanly ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly toý-dabaralara beslenip geçirildi. Bu ýyl döredijilik baýramy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de Arkadag şäheriniň bir ýyllygynyň şanyna ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirildi.
Medeniýet bilen nesiller terbiýelenýär, döwürler şöhratlanýar, döwletli ýörelgeler dabaralanýar. Şonuň üçin Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň täze taryhy döwründe uly ähmiýetli çäreleriň biri bolup, her ýyl owadan öwüşginler bilen kalbymyzy nurlandyrýar.