Durmuş kyssasy

27 Iýun 2024
312

Bir döwürler şäheriň golaýynda ýerleşýän kiçiräk obalaryň birinde söweş sungatyndan tälim berýän ýaşuly mugallym bar eken. Günleriň birinde ol okuwçylaryna tälim berýän mahaly, onuň ýanyna öz gödekligi, tertipsizligi bilen tanalýan ýaş oglan gelipdir. Oglan ýaşuly mugallyma daş atyp, ony kemsidip başlapdyr. Mugallym oňa üns bermän, sapagyny dowam edipdir. Soňra bu hereketlerinden halys ýadan ýigit öz ýoly bilen gidipdir. Beýle hereketlere hiç hili jogap bermedik mugallyma onuň okuwçylary gaty geň galypdyrlar we ondan: «Näme üçin oňa hiç zat diýmediňiz?» diýip sorapdyrlar. Parasatly mugallym bolsa şeýle diýipdir:

— Eger-de kimdir biri siziň ýanyňyza sowgat bilen gelende, siz ony kabul etmeseňiz, ol sowgat kimde galar? — diýip sorapdyr.

Aýmämmet OGŞUKOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.