Söz ummanynyň zergäri

26 Iýun 2024
305

Magtymguly Pyragy ýiti parasadyň, ötgür sözüň güýji bilen ady arşa göterilen beýik akyldar şahyrdyr. Şahyryň belent mertebesi, oňa bolan hormat-sylag her bir türkmeniň kalbynda ýaşaýar. Milli Liderimiz: «Halkymyz özüniň beýik ogly Magtymgula çäksiz hormat goýýar. Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmajak sütünine öwrüldi» diýip belleýär. Magtymguly Pyragy eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň şu günki berkarar döwletini ýürekden arzuw etdi. Akyldaryň köňül telwaslary külli türkmen iliniň kalbyna doga kimin ýazyldy, çylşyrymly syýasy wakalaryň döwründe halkymyzy sussupeslikden gorady, röwşen ertirlere ynam berdi. Köňli paýhasa, sabyr-takada maýyl halkymyzyň agzybirligini berkitdi. Beýik akyldaryň şygyrlary köňüllere parasatly pederlerimiziň ruhubelentlik ýoly bilen galkynmak, gurmak, döretmek, ýaýrap köpelmek ýaly ýagty we mukaddes pendini gowşurdy. Munuň özi beýik söz ussadynyň bize eden hyzmatydyr, çünki akyldar üçin geçmişem, şu günem, geljegem aýan bolupdyr.

Magtymgulynyň durmuş wakalaryny dogruçyl beýan etmekde, daşky dünýäniň we çeper keşpleriň aýratynlyklaryny suratlandyrmakda özüne mahsus bolan şahyrlyk ussatlygy bar. Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras goýan akyldar şahyrdyr» diýip, buýsanç bilen belleýär. Şahyr zähmetiň adam üçin howa ýaly zerur zatdygyny nygtapdyr, zähmet çekmegi halal gazanjyň bilen ýaşamagy, kynçylyga döz gelmegi, tutanýerlilik görkezmegi, her bir adamyň hünär-kär saýlamagyny ündäpdir. Şahyr öz eserlerinde nakyllary, atalar sözlerini ussatlyk bilen ulanyp, şygyrlaryň halkylygyny, milliligini güýçlendiripdir. Hut şonuň üçin hem onuň goşgulary halkyň durmuşyna ýakynlygy, çeperçilik taýdan kämilligi terbiýeçilik babatda uly ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragy özüniň umumadamzat nesline miras goýan edebi hazynasynda pähimlilik, dogumlylyk, gaýratlylyk, batyrlyk, edermenlik, çydamlylyk, jomartlyk, rehimlilik,  myhmanparazlyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, dogry sözlülik,  wepalylyk, göwnaçyklylyk ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleriň mert ýigidiň ruhy özboluşlylygyny aňladýandygyny çeper beýan edýär. Dana şahyrymyz mert ýigidiň şahsyýetini bezeýän täsin gylyk-häsiýetleriniň nesil-nebere yzarlaýandygyny, şeýle keşpli gerçek ogluň dowamatynyň hem aslyýeti ýaly mert bolýandygyny şahyrana dilde teswirleýär.

Rejepmyrat HUDAÝBERDIÝEW,
TOHI-niň mugallymy.