Şygryýetiň dürdänesi

26 Iýun 2024
228

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasydyr. Magtymguly Pyragy ýurt abadançylygyny, parahatçylygyny, asudalygyny arzuwlap, olary özüniň ajaýyp şygyrlaryna siňdirip, çeper dilde halka ýetirip bilen beýik şahsyýetdir. Şahyryň şygyrlaryna ser salanyňda, onuň watançylyk we terbiýeçilik äheňindäki goşgularyna has köp duşmak bolýar. Magtymguly özüniň şygyrlarynda Watana bolan söýginiň üsti bilen okyja uly täsir edýär. Bu bolsa haýsy döwürde, haýsy ýurtda ýaşaýandygyňa garamazdan, şahyr bilen okyjynyň arasynda ruhy baglanyşyga öwrülýär. Onuň goşgularyny okadygyňsaýyn, her gezek söýgi we wepalylyk, sabyr-kanagat, kiçigöwünlilik we adamkärçilik ýaly düşünjeleriň täze çäkleri açylýar. Şahyr özüniň şygyrlarynda türkmen halkynyň beýikligini, sabyr-kanagatlydygyny we tutanýerlidigini çuň mazmunly beýan edýär.

Magtymgulynyň şygyrlaryny islendik ýaşdaky okyjy okasa hem, onda uly täsir galdyrýar. Okyjy şahyryň şygyrlaryny okap, uly many çykaryp hem-de durmuşa düşünip bilýär. Okyjyda edebiýata we döredijilige bolan söýgini oýarýar. Akyldar şahyr döredijilik bilen meşgullanýan adamlara ruhy halypa bolup hyzmat edýär. Magtymgulynyň şygyrlaryny okap, ondan täsirlenip, bu günki günde birnäçe ýaş we halypa şahyrlarymyz goşgulary döredýärler. Şahyryň goşgulary häzirki wagtda il arasynda atalar sözleri we aýtgylar ýaly pähimlere öwrüldi. Bu bolsa şahyryň terbiýeçilik äheňindäki goşgularynyň uly many-mazmuna eýediginden habar berýär.

Humar JUMAGELDIÝEWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň müdiri.