Arkadag — döwrebap, nusgalyk şäher

26 Iýun 2024
219

Ösüşiň milli ugry, bedew bady bilen özgerýän Watanymyzyň her güni toýdan. Olar taryhyň gatyna şanly wakalary, bagta ýar türkmeniň hakydasyna unudylmajak pursatlary bilen dolýar. Döwrüň ýokary tizlikli depgininde türkmen gudratynyň çawuny äleme ýaýýar. Gadymy mekanda Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň gaýratyndan, yhlasyndan, ylhamyndan hem-de döwrüň bu beýik Şahsyýetleriniň watansöýüjilik göreldesine eýerýän halkymyzyň agzybirliginden, zähmetsöýerliginden asyrlara barabar işleriň az wagtda amala aşyrylýandygyny görkezýär. Parahatçylygy söýüjilik syýasatyny baş maksadyna öwrüp, gurýan, döredýän eziz Diýarymyz bilen dünýä döwletleriniň, halkara guramalarynyň köpugurly hyzmatdaşlygynyň giň gerim alýandygyny mälim edýär. Täze taryhy döwürde Kesearkajyň hyjuwly kalbynda kemala gelýän sebitiň ilkinji «akylly» şäherinde durmuşa geçirilen we alnyp barylýan beýik işler hem sözümiziň aýdyň subutnamasydyr.

Sanlyja günden birinji tapgyrynyň halk hyzmatyna berlenine bir ýyl dolýan Arkadag şäheriniň waspy Ýer togalagynyň çar künjüne ýeten bolsa gerek. Çünki gysga wagtda dörän täsinlikler mekany ähli babatdan hem görenleri haýran galdyryp, olara unudylmajak ýakymly pursatlary bagyş edýär. Ol täsirler dilden-dile, ilden-ile aýlanyp, türkmen topragyny arzuwlaryň wysal tapýan ýeri hökmünde tanadýar. Bu hakykatdan hem şeýle. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyzyň döwrebap özgerişe eýe bolýan «akylly» şäherinde alnyp barylýan ähli işler il-ýurt bähbidine gönükdirilýär. Şeýle-de ol başlangyçlaryň köpüsi halkyň isleginden we teklibinden ugur alýar. Gadymy Ahal ýaýlasynda kemala gelen täze şäheriň birinji tapgyrynyň açylyşynyň dabaralara beslenen gününde agzybir il-ulsumyzyň oňa muwapyk ady biragyzdan teklip bermegi munuň ilkinji mysalydyr.

Meýlis GARAJAÝEW,
«Türkmen dünýäsi».