Maslahat geçirildi

25 Iýun 2024
217

Welaýat häkimliginiň, welaýatyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň bilelikdäki meýilnamasy esasynda, Kaka etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Ýurdumyzda ýaşlar hakda edilýän aladalardan ugur alnyp, olaryň aňynda watançylyk ýaly ýokary ahlak häsiýetleri terbiýelemek, Watana wepaly, edepli, ruhubelent we sagdyn bedenli bolup kemala gelmegini gazanmak maksady bilen geçirilen maslahata etrabyň dürli ýerlerinden ýaşlaryň köp sanlysy gatnaşdy.

Maslahatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän taryhy ösüş-özgertmeler, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler dogrusynda söhbet açylyp, ýaşlar hakda edilýän aladalara aýratyn üns çekildi. Ýaşlary bezeýän oňat gylyk-häsiýetler, watansöýüjilik, milli edep-terbiýe kadalary, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, ýaramaz endiklerden daşda durmak bilen baglanyşykly aýdylanlar maslahata gatnaşanlarda uly täsirleri döretdi. Maslahatda kämil bilimli, hünärli bolmak, Watana wepaly nesiller, ökde hünärmenler bolup ýetişmek babatynda döredilýän giň mümkinçiliklerdir şertlerden netijeli peýdalanmagyň ähmiýeti barada aýdylan öwüt-ündewler ýaşlarda gyzgyn goldaw tapdy.

Alişer JORAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.