Medeniýetim — göwün ganatym

24 Iýun 2024
305

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp, Bereket etrap medeniýet bölüminiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde geçiren çärämiz ýokary ruhubelentlige beslendi.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň rowaçlanmagyna, dünýä çykmagyna giň ýol açyldy. Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda guwandyryjy sepgitlere ýetildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz söz ussatlaryna, aýratyn-da, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Şahyryň bize goýan edebi mirasy halkymyzyň milli baýlygydyr. Onuň dana sözleri şu günki günlerde hem halkymyzyň egsilmejek hazynasydyr.

Bahargül Begnazarowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.