BMG: 2030-njy ýylda dünýäniň 60 ýaşdan uly ilaty 1,4 milliarda ýeter

23 Iýun 2024
397

Soňky ýyllarda dünýä döwletleriniň ençemesi ilatyň ortaça ýaşynyň ýokarlanmagy ýa-da demografiki gartaşma bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Hususan-da, Ýaponiýada, Italiýada we beýleki käbir ýurtlarda bu ýagdaý has aýdyň duýulýar. Ýagdaýyň dünýä möçberinde çalt depgin bilen dowam etmegine garaşylýar.

BMG-niň berýän maglumatlaryna görä, 2030-njy ýylda dünýäniň 60 ýaşdan geçen ilatynyň sany 1,4 milliarda ýeter. Hasabatda ýene 6 ýylda gartaşanlaryň sanynyň ýaşlaryňkydan köp boljakdygy çaklanylýar. Ilatyň ortaça ýaşynyň ýokarlanmagy iň esasy Ýewropada çalt depginde ösýär. Muňa sebäp hökmünde adamlaryň ömür dowamlylygynyň artýandygyny hem-de çaga dogluşynyň azalýandygyny nygtaýarlar.

Taýýarlan: Ýakup AMANOW, TDBGI-niň talyby.