Ha­lan eser­le­rim, saý­lan setir­le­rim

21 Iýun 2024
346

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň söz-sungat döredijiligine, edebiýata goýýan sarpasy örän beýik. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň pähim-paýhasy bilen döredilen «Dünýä edebiýaty» žurnaly daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistdir pedagog-psihologlaryň, işewür adamlaryň gündelik durmuşymyza hem-de geljegimize oňyn täsir etjek eserlerini türkmen diline terjime edip, okyjylarymyza ýetirmek bilen meşgullanýar. Žurnalymyzyň sahypalarynda berilýän dürli göwrümli we dürli görnüşli eserler hakda okyjylarymyzyň pikirleri bilen ýakyndan tanşyp durýarys. Olaryň berýän bahalary, ýaňzydýan garaýyşlary, bellikleri, maslahatlary žurnalymyzyň indiki sanlarynyň has täsirli çykmagy üçin ähmiýetli bolup durýar.

Sözüň ynsan dünýäsine täsiri örän uly. Käteler birje söz ýa-da bir sözlem, bir hekaýat ýa-da bir gürrüň gursagyňy giňeldip, özüňi duýşuňy rahatlandyrýar, üstesine, işjanly ynsana öwürýär, işleriňe bat berip bilýär. Okan zatlaryň mazmuny ýadyňda galýar, täsiri welin bütin ömrüňe ýetýär.