«Fitch Ratings» halkara reýting edarasy global ykdysady ösüşiň ozalky çak edilişinden has ýokary boljakdygyny mälim etdi. Çaklamada dünýä ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň 2,4 göterim däl-de, 2,6 göterim boljakdygy bellenilýär. Reýting edarasynyň bilermenleri 2025-nji hem-de 2026-njy ýyllarda hem ösüşiň 2,4 göterim boljakdygyny çaklaýarlar. ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň 2024-nji ýylda 2,1 göterim, geljek ýyl 1,5 göterim we 2026-njy ýylda 1,6 göterim ösjekdigi aýdylýar. Ýewro sebitindäki ykdysady ösüş 2024-nji ýylda 0,6 göterimden 0,8 göterime çykypdyr. Sebit ýurtlary geljek ýyl 1,5 göterim, 2026-njy ýylda 1,4 göterim öser.
Gurbanbibi Orazbaýewa,