Oduň gözegçiliksiz galdyrylmagy adama we daşky gurşawa düýpli zeper ýetirip bilýär. Şonuň üçin, jemgyýetiň her bir agzasy ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek meselesine has oýlanyşykly we jogapkärli çemeleşmelidir. Durmuşda häzirki zaman elektrik enjamlary işjeň ýagdaýda ulanylýar. Köplenç ýangyn howpuna gündelik ulanylýan enjamlaryň işledilip, gözegçiliksiz galdyrylmagy sebäp bolýar.
Öýden, iş ýerlerinden çykmazdan öň, otaglary gözden geçirmegi unutmaly däl. Otaglarda bar bolan ähli elektrik birikdirijileriň boşdugyna, elektrik gyzdyryjy enjamlaryň ýanyjy materiallaryň üstünde durmaýandygyna, olaryň gyzgynlyk berijileriniň ýanyjy materiallara degmeýändigine doly göz ýetirmeli. Aşhana otagy gözden geçirilende gaz, elektrik plitalaryň öçürilendigine üns bermeli. Şemal arkaly ýokarky gatlardan dürli galyndylar otaga girmez ýaly penjireleri doly ýapmaly.