Size nähili hyzmat edilýär?

19 Iýun 2024
274

Şäheriň görkanalygy artýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz günsaýyn ösýär we özgerýär. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde uly üstünlikler gazanylyp, ýeňişli menzillerimiz rowaç alýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmakda bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Güneşli Diýarymyzyň şäherdir obalarynyň arassaçylygy, abadanlygy ugrundaky edilýän yhlas-tagallalaram ýerine düşýär.