Adam. Jemgyýet. Kanun.

19 Iýun 2024
224

Zähmet gatnaşyklarynyň kanunçylygy

Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde zähmet gatnaşyklarynyň döwrebap kanunçylygy kesgitlenendir. Şu Kodekse we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, işgär bilen iş berijiniň arasynda baglaşylýan zähmet şertnamasy zähmet gatnaşyklarynyň döremegi üçin esas bolup durýar. Zähmet şertnamasy — munuň özi iş beriji bilen işgäriň arasyndaky zähmet gatnaşyklarynda taraplaryň özara esasy hukuklaryny we borçlaryny belleýän ylalaşykdyr. Oňa laýyklykda, iş beriji işgäre kanunçylykda göz öňünde tutulan talaplara laýyklykda iş bermäge, zähmet şertlerini döretmäge, zähmet hakyny öz wagtynda we doly tölemäge borçlanýar. Zähmet şertnamasy adamyň ýazmaça arzasynyň esasynda iş berijiniň ony işe kabul etmek hakyndaky buýrugy çykarmagy arkaly baglaşylýar.