Alnym Käbä, ýüzüm kybla...

18 Iýun 2024
317

Her ýyl Gurban aýy golaýlanda keremli Gurban baýramynyň gelip çykyşy bilen bagly mukaddes kitaplarda, taryhy çeşmelerde beýan edilen kyssalar öň eşidendigimize garamazdan, gaýtadan serimize dolýar. Öň ençeme gezek eşiden hem bolsak, takwa kişileriň, kyssaçy bagşylaryň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňledigiňçe, diňläsiň gelýär. Şonda gulaga hoş ýakýan täsirli söhbetleriň içine siňip gideniňi duýman galýarsyň.

Mukaddes kitap Kurany Kerimde Hezreti Ybraýym bilen ogly Ysmaýylyň arasynda bolup geçen gurban wakasy şeýle beýan edilýär. Bir gün Ybraýym: «Rebbim, maňa salyhlardan boljak bir ogul bagyş et» diýipdir. Allatagala ony terbiýeli bir ogul bilen begendiripdir. Haçan-da ogly özi bilen işe başlan çagynda Ybraýym: «Eý, oguljygym! Men düýşümde seni gurban edýändigimi görýärin, muňa näme diýersiň?» diýipdir. Ogly bolsa: «Kakam jan! Saňa näme emr edilýän bolsa, şony hem ýerine ýetir! Enşalla, sen meniň sabyr edenlerden biridigimi görersiň» diýipdir. Ikisi hem Allanyň emrine kaýyl bolup, ýola düşüpdirler. Ybraýym ogluny gurban etmek üçin ýüzinligine ýatyrypdyr. Şol wagt gökden «Eý, Ybraýym! Sen, hakykatdan hem düýşi tassykladyň» diýip ses gelipdir. Şonda oňa gökden inderilen goçy gurban etmek buýrulypdyr.

Amanmuhammet REPOW,
«Bereketli toprak».