Senetçilik halkymyzyň gadymdan gelýän kesp-kärleriniň biri. Şolaryň arasynda zärgärçilige aýratyn hormat goýulýar. Sungat derejesine ýetirilen bu senet biziň günlerimizde döwrebap dowam etdirilýär.
Golaýda Medeniýet sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli merjen paýtagtymyzda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de ÝUNERSKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty bilen bilelikde yglan edilen «Zerim bar zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.