Bagtyýar çagalaryň mekany

18 Iýun 2024
505

Çagalaryň bagtyýarlygy, röwşen geljegi üçin uly işleriň durmuşa geçirilýän ýurdumyzda her ýyl çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi guramaçylykly geçirilýär. Ýurdumyzda çagalaryň sagdyn ösmegi, wagtlaryny hoş geçirmekleri, şadyýan bolmaklary üçin ähli şertler döredilendir. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar degresini dag etekläp oturan gözel Gökderedäki, welaýatlardaky, şeýle hem Awazadaky arzyly dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly we şadyýan pursatlara besleýärler.

Her ýylda bolşy ýaly, çagalar tomusky dynç alyş günlerini sapaly geçirýärler. Olar üçin merkezlerde wagtly-wagtyna dürli naharlar taýýarlanylýar, gök önümler, miwe suwlary berilýär. Açyk we ýapyk howuzlar çagalara hyzmat edýär. Öýlän bolsa gündelik aýdym-sazly çykyşlar guralýar. Daşary ýurt dillerini kämilleşdirmek we el hünärleriniň ussatlygyny görkezmek üçin gurnaklar hereket edýär, döredijilik we sungat bilen meşgullanýan çagalara niýetlenen ýörite surat we çeperçilik gurnaklarynda hem mümkinçilikler döredilen. Çagalaryň kompýuterler bilen meşgullanmaklary üçin hem ähli şertler bar.

Ogulgurban REJEPOWA,
«Mugallymlar gazeti».