Ruhy päkligiň dabaralanmasy

18 Iýun 2024
321

Gurban baýramy mynasybetli Daşoguz şäheriniň aýdym-saz merkezinde we onuň deňindäki hiňňilliklerde guralan baýramçylyk dabarasy merdana ildeşlerimiziň bagtyýar durmuşynyň beýanyny doly açyp görkezdi. Baýramçylyk sahnasynda guralan çykyşlara tomaşa etmäge welaýatymyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň uly topary ýygnandy. Sahnada medeniýet we sungat ussatlarynyň buýsançly kalplaryndan joşup çykýan göçgünli aýdymlar döwrümizi, döwletimizi, bagtyýar durmuşymyzy, milli däp-dessurlarymyzy, Gurban baýramynyň aýratynlyklaryny beýan edip, tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady.

Seteran gurlan, baýramçylyk röwüşde bezelen hiňňilliklerdäki şatlyk-şowhun uly bir toýhanany ýatladyp, ýaşlaryň hem ýaşlygyň päkize dünýäsiniň özboluşly sazlaşygyny emele getirdi, baýramçylygyň mazmunyny baýlaşdyrdy. Bir-birege henek atyşyp, ýagşy arzuw-dilegler aýdyşyp, durky-düýrmegi bilen joşguna beslenen ýaşlar döredilen mümkinçiliklerden uly lezzet aldylar. Olaryň köňüllerinden joşup çykýan bagtyýarlyk nurana ýüzlerine öwüşgin eçilip, şu günümize buýsanjyň, geljege berk ynanjyň alamatlaryny aýdyňlaşdyrdy we baýramçylygyň many-mazmunyny baýlaşdyrdy.

Ýörite habarçymyz.