Gowy we dogry dynç alyş

16 Iýun 2024
202

Eýýäm tomsuň ilkinji aýy örküjinden agdy. Köpimiziň tomusky dynç alyş döwrümiz golaýlaýan bolsa, köp adamlar eýýäm dynç alşyny gyzykly geçirýändir.

Eýsem her kimiň şahsy aýratynlyklaryna görä, dynç alşyň amatly görnüşini nähili saýlap almaly?! Hatda akyl zähmeti we fiziki zähmet bilen meşgullanýanlaryň hem dynç alşy dürli-dürlüdir. Eger siz işjeň hereketli zähmet çekýän bolsaňyz, rahat dynç almagyňyz ýadawlygyňyzy aradan aýyrmaga kömek eder. Hereketsiz, mysal üçin, günuzyn kompýuteriň başynda oturyp işleýän bolsaňyz, onda size işjeň dynç alyş amatlydyr. Esasy üns bermeli zadymyz iş, döredijilik bilen dynç alşyň wagtly-wagtynda gezekleşdirilmegidir. Şeýle edilmese, adamyň iş öndürijiligi peselýär, rahatlygy bozulýar, özünde agyrlyk duýup başlaýar. Şonuň üçin hem beden sagdynlygy, ünsüň jemlenmegi, gaharjaňlygyň döremezligi üçin dynç alşy dogry, peýdaly we gyzykly geçirmek zerurdyr.

Süleýmanberdi ÖWEZGELDIÝEW,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.