Ruhubelentlige beslenen milli baýram

17 Iýun 2024
314

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 16-njy iýunynda Mary şäheriniň «Türkmeniň ak öý binasynyň» ýanyndaky meýdançada welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda mukaddes Gurban baýramynyň toýy uludan tutuldy.

Bu ýerde halkymyza mahsus sekiz ganatly ak öýleriň onlarçasy dikilip, küren obany emele getirdi. Ak öýleriň içinde we töwereginde welaýatyň, şäherleriň, etraplaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda halkymyza mahsus toý däp-dessurlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Bagşy sazandalaryň mahmal owazlary belentden ýaňlandy. Hormatly ýaşulularymyz keçe-keçe, ýüzük-ýüzük däpleri bilen meşgullansalar, mährem enelerimiz haly dokamak, keçe güllemek, keşde çekmek ýaly däplerimiziň ýerine ýetirilişini görkezdiler. Milli egin-eşikdäki oglanlar we gyzlar bu ýerde dikilen sallançaklarda hezil edip uçdular.

Myrat Ataýew,
TDP-niň Mary welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.