Ýokary taýýarlykly harby hünärmenler Watanymyzyň ygtybarly goragynyň kepilidir

17 Iýun 2024
329

Aşgabat, 15-nji iýun (TDH). Şu gün Harby akademiýanyň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy geçirildi. Däp bolşy ýaly, bu çäre döwlet esaslarynyň mizemezliginiň nyşany bolan paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada guraldy.

Dabaranyň öňüsyrasynda ömür ýoly türkmenistanlylar üçin watansöýüjiligiň nusgasyna öwrülen ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň we içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkellerine, şeýle-de “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda pederlerimiziň gahrymançylygynyň, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Watan ugrunda baş goýanlaryň edermenliginiň, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň hatyrasyna “Ruhy tagzym”, “Milletiň ogullary”, “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül desseleri goýuldy.

Surata düşüren Kemergeldi DOWLYÝEW.