Çagalaryň şatlyk-şowhuny

16 Iýun 2024
458

Häzirki sapaly tomus paslynyň dowam edýän ajaýyp günlerinde eziz Diýarymyzda nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesillerimiziň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edip, ol şatlyk-şowhuna, ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslenýär. Ýaş nesilleri tomsuň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki köp sanly çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri giňden gujak açyp garşylady. Ol ýerlerde dynç alyp, saglygyny berkidýän bagtyýar çagalaryň her gününiň manyly we gyzykly geçmegi üçin ähli şertler döredilendir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bagtyýar ýaş nesillerimiziň abadan, parahat, eşretli durmuşda ýaşamaklary, dünýäniň ösen, iň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglarynda, umumybilim berýän mekdeplerde döwrebap bilim-terbiýe almaklary, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary, zähmetsöýer, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde hem tomusky dynç alşa çykan mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny şatlyk-şagalaňly geçirmekleri üçin uly aladalar edilýär.

Ýörite habarçymyz.