Röwşen geljegimiziň şuglasy

16 Iýun 2024
533

Çagalaryň ertirki güni, olar baradaky alada körpeleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek baradaky tagallalara baglydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda halkymyzyň röwşen geljeginiň hut şu günden gözbaş alýandygyna ünsi çekýär. Şonuň üçin hem ýaş nesliň milli gymmatlyklara, däp-dessurlara, duýgy-düşünjelere sarpa goýmak ruhunda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda olaryň dynç alyş günleriniň many-mazmunly geçmegine hyzmat edýän ýöriteleşdirilen merkezleriň, çagalar seýilgähleriniň, dynç alyş zolaklarynyň sanyny artdyrmaga, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Magtymguly etrabynda gurlan «Arkadagly nesiller» atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň ýakynda — Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda açylyp ulanmaga berilmegi-de şeýle asylly işlere ýene bir anyk mysaldyr. Merkeziň çäginde dürli attraksionlar, oýun enjamlarynyň zaly, garbanyşhana, çaga oýnawaçlarynyň dükany ýerleşdirilip, maşgala bolup dynç almaga-da ajaýyp mümkinçilik berýär.

Mekdebe çenli bilim edaralarynyň işi ýaş nesli orta mekdebe, durmuşa taýýarlamagyň ilkinji basgançagydyr. Onuň çäklerinde çagalara gürlemekden başlap, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dürli endikleri — okamak, ýazmak, hasaplamak, kompýuter tehnologiýalary bilen tanyşmak ýaly sowatlylyk derejelerinden bilimleriň deslapky düşünjeleri öwredilýär. Çagalaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmaga, ösdürmäge, kämilleşdirmäge, olary hünärlere höweslendirmäge hut çagalar baglaryndan başlanylýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda hem milli bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa her ýylda Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän bilim edaralarynyň hatarynda çagalar baglaryna-da aýratyn orun berilmegi anyk subutnamadyr.

Güljemal HOJANAZAROWA,
Gökdepe etrabyndaky 19-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.