Sarahs etrap merkezi kitaphanasynda we onuň ýerlerdäki kitaphana şahamçalarynda döwrebap işler alnyp barylýar hem-de okyjylara göwnejaý kitaphana hyzmatlary amala aşyrylýar. Şeýle bolansoň, kitaphanalara ýazylýan okyjylaryň sany artýar.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň geçen bäş aýynda etrap merkezi kitaphanasy boýunça täze ýazylanlaryň sany 200-den geçdi. Olaryň esasy bölegi bolsa ýaşlardyr. Ýaşlaryň elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyna gyzyklanmasy has-da ýokarydyr.