Hazaryň gözel kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň okgunly gülläp ösmegi, özgertmeleriň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Bu syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, deňizýaka sebitinde hem syýahatçylygyň pajarlap ösmegine kuwwatly itergi berdi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelen her bir ynsanyň amatly dynç alşyny guramakda bu ýerde gurlup ulanylmaga berlen dürli ulgamlara niýetlenen binalaryň aýratyn ähmiýeti bar.
Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýänleriň sany günsaýyn artýar. Çünki, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa, sapaly kenaryndaky meşhur syýahatçylyk zolagy bu gün dünýä jahankeşdeliginiň merjenine öwrüldi. Hazar deňziniň türkmen kenary arassalygy bilen özüne çekýär. Bu ýeriň ýoda baýlygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu bolsa ynsan saglygy üçin örän peýdalydyr. Hazaryň altynsow çägesi, özboluşly howasy adam saglygyna oňyn täsir edýär.