Koreýa Respublikasy Ýapon deňzinde uly nebit we gaz ýatagyny ýüze çykardy. Seulyň takmynan, 260 kilometr günorta-gündogaryndaky Ýonil aýlagynda ýerleşýän bu ýatakda 14 milliard barrel töweregi nebit we gaz bolup biler. Deslapky çaklamalara görä, gorlaryň 75 göterimi gaz, 25 göterimi nebitdir. Gazyň mukdary ýurduň 29 ýylyna, nebitiň mukdary bolsa 4 ýylyna ýeter.
Bu açyş özüniň energiýa zerurlyklarynyň, takmynan, 97-98 göterimini import edýän Koreýa Respublikasy üçin aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Ýurt eýýäm köp wagtdan bäri öz suwlarynda geologik barlag işlerini alyp barýar we bu üstünlikli açyşyň ilkinjisi däl. 1998-nji ýylda Koreýa Respublikasy Phohandan uzakda bolmadyk suwlardan 45 million barrellik gaz ýatagyny ýüze çykardy. Bu ýatagy 17 ýylyň dowamynda ulanan ýurt 1,4 trillion won, takmynan, 1 milliard dollar sap girdeji gazandy.