Kamerunyň öňki Premýer-ministri Filemon Ýang BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy wezipesine saýlandy. Bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygynyň wekili Monika Greýli mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, Baş Assambleýada 79-njy mejlisiň başlygyny kesgitlemek üçin 193 agza döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda ses berildi. Filemon Ýang şu ýylyň sentýabr aýynda wezipesine girişer. Şeýle-de Greýli 6-njy iýunda Baş Assambleýanyň 2025-2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl bäş agzasy üçin saýlaw geçirilendigini sözüniň üstüne goşdy.
Baş sekretar Antoniu Guterriş Ýangy saýlanmagy bilen gutlap, Baş Assambleýanyň häzirki başlygy Dennis Frensisiň «Assambleýanyň işine deňsiz-taýsyz diplomatiýa ussatlygy bilen ýolbaşçylyk edendigini» aýtdy. Filemon Ýang özüniň saýlanmagy üçin ses beren Afrika ýurtlarynyň wekillerine hoşallygyny bildirdi. Ol Assambleýada işlän döwründe dünýä jemgyýetçiligine mynasyp hyzmat etjekdigini aýtdy.