Watançy şahyr

12 Iýun 2024
303

Türkmen edebiýatynyň beýik şahsyýeti Magtymguly Pyragy özüniň bütin manyly ömrüni, joşgunly zehinini mähriban halkyna bagyş eden, öz il-ýurduny, Watanyny tüýs ýürekden söýen, onuň ar-namysyny bar zatdan belent tutan hakyky watançy şahyrdyr.

Geçen — 2023-nji ýylyň güýzünde maňa-da Magtymguly atamyzyň ýaşan, keramatly aýak yzlaryny goýan ýerlerine, ýagny, Garrygala sebitlerine aýlanyp görmek miýesser etdi. Bu ýerleriň gözel tebigaty mende örän üýtgeşik duýgulary döretdi. Daglaryň arassa howasy, çeşme-çaýlary, baýyrlary, gözel Sumbaryň narlary, diýseň, täsin. Bu ýerde durnanyň gözi ýaly arassa dagdan inýän çeşme suwy jana şypa berýär. Belki-de, Magtymguly atamyz pähim eleginde elenen şygyrlaryny şu çeşmeden gana-gana içip ýazandyr. Parheý jülgesi, onuň gözel tebigaty, dermanlyk otlary ünsüňi özüne çekýär. Şahyr bu jülgede gör näçe gezek bolandyr. Özüniň göwün kelamyny beýan edendir.