Ýaşyl ganatly (Hekaýa)

11 Iýun 2024
354

Oba ýerinde ulalyp, kemala gelseň, guşçulyk, maldarçylyk, ekerançylyk bilen bagly ýagdaýlardan üzňe ýaşap bolmaýar. Bu meniň durmuşymda-da şeýle boldy.

Obamyzda her öýde diýen ýaly towukdyr towşanam, goýun geçidir mal-garada saklanýardy. Aýratyn hem goňşymyz Täzegül gelneje bilen ejemiň towuk saklaýşy hiç kimiň çeni-çaky däldi. Ejem hindi guşunyň jüýjelerini bazardan getirip, idedip başlan gününiň ertesi Täzegül gelneje-de hindi guşunyň jüýjelerini satyn alyp, jüýje ketegini doldurdy. Şeýde-şeýde ejem ördek köpeltse, ördek aldylar, gaz alsa-da, gaz satyn aldylar. Garaz, bu iki hojalygyň howlusynda towuk ketekleriniň sany-da, tutýan meýdany-da artyberdi. Bir gün ejem bazardan ap-akja towukdan ýigrimä golaýyny getirdi-de, täze guran ketegine saldy. Bar belanyň başy hem şundan başlandy. Gün öýle boluberende, Täzegül gelneje daşky işigiň öňüne gelip, ejemi çagyrdy:

Aýnabat ATAÝEWA.