Täsin duýgy (durmuş pursaty)

11 Iýun 2024
386

Kän wagtdan bäri obamy küýseýän ýüregim hyýalymy alyslara alyp gaçýar. Çünki ol ýerde iň ýakymly ýatlamalarym galdy. Esasan hem, ýaş oglan wagtlarymyz depedir düzleri aýakýalaňaç ylgap geçen ýerlerim gözlerimiň öňünde. Mal bakmaga gidenimde men mydama goýun sürüsiniň yzyndan ýöremegi gowy görerdim. Sebäbi süriniň aýak yzlaryndan çykýan tozanjygyň düşündirip bolmaýan ýakymly ysy bardy. Megerem, bu ene topragyň mährem ysy bolsa gerek. Ýöne bu ajaýyp ysy duýup, ondan täsin lezzet alýan diňe özümdim.

Ulaldygymça inçe duýgurlygym meniň köp zatlardan uly lezzet alyp bilmegime sebäp boldy. Ýyllar geçdi, bileje okan synpdaşlarym toý pişmesi ýaly seçilip gitdiler. Öýden okuw diýip gaýdanyma eýýäm bäş ýyl bolupdyr. Bu ýyl men hem okuwymy tamamlaýardym.

Döwlet BABAÝEW,
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň okuw-önümçilik işleri boýunça orunbasary.