Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan

10 Iýun 2024
341

SOWATLY NESIL GELJEGI SOWGATLY HALKDYR

Atam pahyr her bir wakany rowaýatdyr tymsallaryň üsti bilen berkidip gürrüň bermegi halardy. Şeýdilende, ýaňzydylýan söz aňda has mäkäm orun alýar. Rowaýatlara görä, akyldarlaryň biri: «Haýsy daragt has köp wagtlap hasyl berýär?» diýip sorapdyr. Şägirtleriniň hersi bir pikiri orta oklapdyr, ýöne jogaplaryň hiç biri akyldary kanagatlandyrmandyr. «Iň bereketli hasyl diňe nesil daragtynda bolar. Sowatly, terbiýeli, düşünjeli bir nesil ýetişdirip bilsek, halkyň onlarça asyrlyk bagtly ykbalyny kepillendirdigimizdir. Sowatly nesil geljegi sowgatly halkdyr» diýip, akyldar jogap beripdir. Ýaşlar hakdaky syýasatymyzda we amala aşyrýan işlerimizde biz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şonuň ýaly çuňňur pähim-parasatlaryndan ugur alýarys. Sanlyja ýylyň içinde gazanylan ençeme üstünlikler, ýetilen sepgitler, gurlan binalar sanardan kän, hut şonuň üçinem beýik döwrümiziň ösüş depgini örän ýokary. Onsoň, şeýle ösüşli zamana çuňňur düşünmegimiz üçin, oňa bolan buýsanjymyzyň kämil bolmagy üçin bu döwletli ýolda bilelikde, agzybirlikde öňe ilerlemegimiz, has ruhubelent we yhlasly zähmet çekmegimiz gerek.