Doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi halkara derejesinde dabaraly bellenilýän Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda bu gurama bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, Türki medeniýetiň halkara guramasy TÜRKSOÝ-yň 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip kabul eden karary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň belent münberinden Pyragynyň «Adamzat» şygrynyň bir parçasyny äleme jar etmegi pähimdar şahyrymyzyň dünýäde doly ykrar edilmeginiň aýdyň nyşanydyr. Bu türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, halkymyzyň belent mertebesini hem abraýyny tassyklaýan hakykatdyr.
Arkadag hossarly beýik Pyragy