Göwünlik (Oýlanma)

7 Iýun 2024
416

Ony her säher gädigiň agzynda otyrka görýän. Töwerekden adam gözleýär gözleri. Öňler okuwçylardyr mugallymlar geçýär diýseň, rugsada çykylaly olaram ýok. Kileň işe barýanlar, käýarym bir sygyrlaryny örä kowup gelýän oglanjyklar görünýär diýmeseň, uly köçe bolsa-da, çolalyk. Obanyň aýallary aýtmyşlaýyn, indi öňküler ýaly pyýada gezip ýörene-de duşaňok. Her kim taksä münýär gidýär geläýýär barjak ýerine.

Menem her taksä münjek bolanymda aň edýän oňa. Deňinden geçip barşyma: «Wah, bende...» diýýän-de, gynanýan öz ýanymdan. Birwagtlar toýda-beýlekide gollaryny galgadyp, şadyýanlyk bilen tans ederdi. Bagşa goşulyşyp, kellesini iki ýana ýaýkaýa-ýaýkaýa aýdym aýdardy. Ýyndam ýyllar ol günleriň hem depesinden gum sowrup, ötägidipdir. Şol men diýen dogumly kişiden bolsa nazary adam görse begenip duran bir ejizje ýaşuly ýasap oturyberipdir.

Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA,
«Nesil».