Şygryýet çemeni

7 Iýun 2024
410

SUBUT

Gözleň bulut deý buglanar,
Buz bolar ýüregiň we soň,
Ajy geplerden duzlanar,
Geň görer adamlar gülseň.
Dymar dünýe, damagyňa
Agyr halyny sygdyrar.
Basyp inçe damaryňa,
Peltäňe gülki damdyrar.
Bokurdagyň bogular hem
Iner gözleriňe ünji.
Özüň sabyrly duý, şol dem
Ýeňersiň dymyp ökünji.
Kyndyr umytly ýaşamak,
Günleriň sudury öçer,
Aglama, dolsa-da damak,
Gözýaşyň gymmaty gaçar.

Gülnar GELDIMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Nesil».