Halkyň bagtyýarlygy ugrunda

7 Iýun 2024
333

Gozgalmaýan emläge bolan hukuk ildeşlerimizi hemişelik gyzyklandyrýan meseleleriň biridir. Ýurdumyzda bu hukuklar bilen bagly kabul edilýän kanunlardan habarlylyk we olara içgin düşünmek raýat hökmünde olaryň borjudyr.

Şundan ugur alyp, bölümimiz tarapyndan ilatyň arasynda wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini ýygy-ýygydan geçirýäris. Şol duşuşyklarda ildeşlerimiz tarapyndan berilýän dürli mazmunly sowallara jogap berip, olaryň kanuny sowatlylygynyň artmagyna ýardam edýäris.

Serdar AGANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň welaýat müdirliginiň Kerki etrap, şäher bölüminiň uly döwlet bellige alyjysy, ikinji derejeli ýurist.