Hezilliklere beslenen dynç alyş üçin

7 Iýun 2024
448

Welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümi tarapyndan çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde olaryň köçe-ýol hereketleriniň kadalaryny dogry berjaý etmegi bilen bagly degişli işler geçirilýär. Şolaryň arasynda wagyz-nesihat işleriniň aýratyn uly paýy bardyr.

Möwsümde çagalar, köplenç, ata-eneleriniň ýa-da dynç alýan merkezlerinde mugallymlarydyr terbiýeçileriniň gözegçiliginde bolýarlar. Welaýatymyzyň çägindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň golaýyndaky köçelerde polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçeleriniň işgärlerinden gije-gündizleýin nobatçylyk goýulýar. Şeýle hem çagalar ulagly gezelençlere alnyp gidilende, ýol gözegçileri ýörite ulaglarda öňbaşçy bolup hereket edýärler. Çagalaryň toparlaýyn ýagdaýda köçeleri we çatryklary kesip geçýän ýerlerinde olaryň ýolyşygyň duýduryşlaryna laýyklykda hereket etmegi gazanylýar. Ýolyşyklaryň bolmadyk ýerinde bolsa ýol gözegçileri tarapyndan ulaglaryň hereketi togtadylyp, çagalaryň ýoldan howpsuz geçmegi üpjün edilýär.

Döwran JUMAÝEW,
Türkmenabat şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.