Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary we türkmen halkynyň adyny arşa göteren nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralardyr çäreler ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde giň gerime eýe bolýar. 17-nji maýyň sergin howaly agşamynda gözel paýtagtymyzyň günorta böleginde, gojaman Köpetdagyň eteginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy 2024-nji ýylda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp, eziz Diýarymyzda hem-de halkara derejesinde geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamyna öwrüldi. Ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi. Milli Liderimiz şahyryň türkmen halkynyň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşyndaky möhüm ornuna örän ýokary baha berýär. Çünki, Magtymguly ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmek bilen, adamlaryň kalbynda hemişelik orun aldy.