Ylymlar güni mynasybetli geçirilen maslahat

7 Iýun 2024
428

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bilelikde guramagynda Ylymlar güni mynasybetli 2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe lukmançylyk ylmynyň gadamlary» diýen at bilen geçirilen maslahata  uniwersitetiň rektorlygy we jemgyýetçilik guramalary, professor mugallymlary, talyplar gatnaşdy. Şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyndan, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinden, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndan, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan mugallymlar, talyplar gatnaşdy.

Ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi bilen açyldy. Soňra ylmy-amaly maslahata bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.

Şirin WELJANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iýmit gigiýenasy kafedrasynyň mugallymy.