«Bu gün» atly goşgynyň döreýiş rowaýaty

6 Iýun 2024
440

Men bu gürrüňi Buzpolat han («Buzlypolat» diýlip aýdylýan ýerleri hem bar) barada aýdylýan birnäçe rowaýatlary yzygiderlikde jemläp, ýeke-täk rowaýat hökmünde bermäge çalyşdym. Döwletmämmet Azady bilen Magtymgulynyň ýaşan zamanlarynda Gökleň taýpasynyň Gerkez tiresiniň onbegi urugyndan bolan bir garyp maşgalanyň çagalary bolup, durmandyr. Bir gezek onuň ogly bolanda obadaşlary çaganyň adyny bir zada ýanap dakmagy we Döwletmämmet Azada doga okatmagy maslahat beripdirler. Çaganyň adyna Buzpolat dakypdyrlar. Döwletmämmet Azady çaga doga okapdyr we sallançagyny üwräpdir. Bu gezek olaryň perzentleri ers-mers bolup gün-günden ulalypdyr.

Buzpolat on ýaşa ýetende eli taýakly tüwdürme oýnar eken. Köp wagtyny Döwletmämmet Azadynyň (Garrymollanyň) we beýleki garrylaryň gürrüňini diňläp geçirer eken.

Annagurt ANNAGURDOW,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.