Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim

5 Iýun 2024
380

Milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşinde energetika pudagy wajyp orny eýeleýär. Şundan ugur alnyp, pudagy ösdürmäge gönükdirilen ägirt uly maýa goýumlaryň netijesinde, elektroenergetika senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmakda, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryndan gözbaş alyp gaýdýan bu özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmekde durmuşa geçirilýän tutumlar muňa anyk mysallaryň biridir. Bu taryhy taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi 2021-nji ýylyň oktýabrynda işe girizildi. Berkarar ýurdumyzyň energoulgamlaryny bir bitewi energetika halkasyna birleşdirjek iri taslamanyň Ahal — Mary ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi 2023-nji ýylyň noýabr aýynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyryldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gurluşygy üstünlikli tamamlanan, düýn dabaraly ýagdaýda işe girizilen Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi bolsa halkalaýyn elektroulgamy döretmegiň tamamlaýjy tapgyrydyr. Güýjenmesi 500 kilowat bolan bu geçirijiniň umumy uzynlygy 572 kilometre barabar bolup, şonuň 200 kilometre golaýy welaýatymyzyň çäkleri bilen uzalyp gidýär. «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň edara-kärhanalarynyň hem-de hususy kärhanalaryň hünärmenleriniň agzybirlikli zähmeti işleri talaba laýyk ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Milli Liderimiziň halkymyzyň bagtyýarlygyna, ata Watanymyzyň gülläp ösüşine gönükdirilen oýlanyşykly başlangyçlaryny giň gerimde dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda täze taryhy eýýamda üstünlikli durmuşa geçirilen bu ägirt uly taslamanyň baş maksady içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň ygtybarlylygyny has-da berkitmekden ybaratdyr. Çünki sebitleriň energoulgamlarynyň bitewi energetika halkasyna birikdirilmegi ýurdumyzyň islendik künjeginde elektrik energiýasy bilen baglylykda ýüze çykmagy mümkin bolan bökdençlikleri dessine düzetmäge şertleri döreder. Bu iri energetika taslamasynyň işe girizilmegi içerki sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň hil derejesiniň ýokarlanjakdygyny, energoulgamyň kadaly işiniň ýola goýuljakdygyny tassyklaýar. Munuň özi diňe bir halkymyzy däl, eýsem, ýurdumyzyň çar künjünde hereket edýän önümçilik toplumlaryny, döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde gurulýan döwrebap önümçilik düzümlerini elektrik togy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň ätiýaçlyk mümkinçilikleriniň döredilendigine şaýatlyk edýär. Şeýle-de, halkalaýyn energoulgamyň döredilmegi bilen, eziz Diýarymyzyň islendik künjeginden elektrik energiýasyny daşarky bazarlara çykarmak mümkinçiligi elýeterli bolar.

«Balkan».