Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde halypa mugallymlaryň ençemesi ýaş nesle bilim we terbiýe berýär. Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýän halypa mugallymlaryň biri-de Döwletgeldi Durdyýewdir.
Döwletgeldi sungata sarpa goýýan maşgalada dünýä inýär. Onuň kakasy Jumamuhammet Durdyýew Gökdepe etrabynyň 18-nji orta mekdebinde surat we çyzuw mugallymy bolup işläpdir. Kakasynyň oba durmuşyna bagyşlap çeken dürli eserleri onuň sungata bolan höwesini has-da artdyrýar. Şeýle-de ol ýakyn garyndaşlary, halypa nakgaş Mäti Orazberdiýewiň döreden eserlerinden täsirlenýär.