Söz aşygy Babak baba

29 Maý 2024
292

Edebiýata, çeper söze bolan aşyklyk halkymyzyň ruhunda bar. Çünki halkyň hakydasy heňňamyň uzyn menzillerinde kämilligiň mizanyndan geçip bilen zatlary özüne siňdirýär. Hakydalarda bolsa diňe ýürekden çykyp, ýürege ýetenler galýar. Ondan daşdaky howaýylyklaryň ählisi-de pursatlara siňip gidýär. Diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, adamzadyň paýhasynyň ykrary bolan dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bize galdyran edebi mirasy hem ähli döwürleriň köňlüni bir bütewi ruha düzüp bilen mukaddeslikdir. Sözüň güýjüniň nämelere dahyllydygyny aýan edip giden şahyryň ýaşy 300 ýyl diýlip kesgitlenilse-de, onuň ömrüniň welin, entek müňýyllyklardan habar berjekdigi jedelsiz hakykatdyr. Öz döwründe halkyň ýaşaýyş mümkinçilikleriniň çäginde hak bilen nähaka, haýyr bilen şere seljerme berýän durmuş ýörelgeleri şahyryň şygyrlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle şygyrlary gaýtalaý-gaýtalaý ozan çykan, şygyrlaryň her setirinden bir rowaýat tapyp, ussatlyk derejesine ýeten ynsanlar dana Pyragynyň paýhasly şygyrlarynyň edebiýata aşyk hakyky zehinleri ýüze çykarandygyny görkezýär. Bu hem öz gezeginde türkmen topragynyň sözüň güýji bilen ykballara täsirini ýetirip bilýän şahsyýetleri dünýä berýän toprakdygyny subut edýär.

Şeýle şahsyýetleriň biri-de Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Pelwert obasynda ýaşap geçen Babak Nazar (biz oňa Babak baba diýerdik) ogludyr. 1890 — 1974-nji ýyllarda ýaşap geçen Babak baba hat-sowady bolmasa-da, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny, dessanlarymyzy, galyberse-de, heniz eşidilmedik ertekileriň örän köpüsini ýatdan bilýänligi bilen döwründe köpleri haýran eden adam. Ol Magtymguly Pyragydan ýa-da başga bir şahyrdan şygyr aýdyp otyrka sözi bölünäýse gaty ýokuş görüp, «Söz janly zat, harlasaň har bolarsyň» diýip, hut edebiýatçylar deýin düşündirerdi. O döwürler biz ýaş hem bolsak, onuň labyzly adýan goşgularyny gulaga öwrülip, hezil edip diňlärdik. Goşgularyň her setirine çaga dünýämize görä düşünmäge synanyşardyk.

Gadam JOMARTOW,
lukmançylyk gullugynyň ätiýaçdaky podpolkownigi.