Çagalar, siziň okajak gysgajyk «Ýaşuly çopanyň gürrüňi» hekaýaňyz sözleýşiňizi ösdürmek üçin ýardam eder. Üns beriň, sözlerde haýsy harplara has köp duş gelinýär, ol harplar haýsylar?
Ajap eje agtyjaklary bilen saçak ýazmaga başlady. Juma suwly jürdegi alyp, daýysy Çerkez çopanyň eline suw akytdy. Olar üýşüp oturdylar. Goňşy gyzlar hem geldi. Ýaşuly çopan çagalara çöl jandarlary barada gürrüň berdi: