Ýene-de bahar geldi

16 Aprel 2024
237

(Şahyrana oýlanma)

Ýene-de bahar geldi. Daglaryň egnine ýaşyl begres ýapyp, baglara gülleri patrak deý sepip, seleň sähralaryň maňlaýyndan öpüp, bahar geldi. Men her gezek baharyň gelşini synlanymda, kalbym ýylap, käbämiň gujagyna dolan ýaly duýgyny başdan geçirýärin. Tebigat bilen adam häsiýetleriniň arasynda täsin sazlaşygyň, baglanyşygyň bardygy baradaky pähimleriň aňyrsynda hakykatyň ýatandygyna ynamym artýar. Baharda depäňde lemmer-lemmer bolup, asmanyň ýüzüne perde çekip gelen bulutlar goçlar kimin süsüşip başlar. Ýyldyrym ujundan uçgun syçradar welin, Arşyň ýüzünden tukatlyk aýrylyp ötägider. Daglaryň läheň-läheň daşlaryndan deprek ýasap, gümmürdäp-gümmürdäp ýagyş ýagyp başlar. Onuň ýagşy juda üýtgeşikdir. Ol giň sähradaky aňňat-aňňat gum depeleriniň gerşine ýagyş damjalaryny sepeläp-sepeläp ýagar. Ýaz şemalynyň birneme pessaýlan sesinde, ýagyş damjalarynyň şybyrdysynda şahyr kalbynyň owazy duýlar:

Jennet RAIMBAÝEWA,
«Bereketli toprak».