Bagym bar — barym bar

7 Fewral 2024
625

Halkymyzda gadymdan bag ekmek, oňa ideg etmek sogaply hem haýyrly iş hasaplanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda hem bag baradaky pähimlere, paýhasly sözlere giň orun berilýär. «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Agaç barly bolsa, başy aşak», «Agaç iýmişinden belli, adam kylmyşyndan», «Agajy ne jüre bolsa, miwesi hem şo jüre», «Edenli adam topragy altyna öwrer» ýaly parasatly jümleleriň ata-babalarymyz tarapyndan döredilmegi halkymyzda bag ýetişdirmäge aýratyn uly ähmiýet berlendigini aňladýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda öňde goýýan wezipeleriniň berjaý edilmegine goşant goşýan tejribeli bagbanlar welaýatymyzyň ähli ýerlerinde-de bar. Olaryň çekýän ýadawsyz zähmeti netijesinde, häzirki wagtda bag-bakjaly meýdanlaryň çäkleri barha giňeýär.

Raziýa GAÝYPJANOWA,
«Daşoguz habarlary».